Missiýa beýanaty

RFE/RL-iň missiýasy erkin metbugatyň hökümet tarapyndan gadagan edilen ýa-da doly dikeldilmedik ýurtlaryndaky täzelikler barada habar bermek arkaly demokratik gymmatlyklary we esaslary öňe sürmekden ybaratdyr. Biziň žurnalistlerimiz giň halk köpçüligine senzurlanmadyk habarlary, diskussiýalary we açyk çekişmeleri hödürleýärler.

Merkezi Ýewropadan Ýuwaş okeanyna, Baltikden Gara deňzine, Russiýadan Günorta we Merkezi Aziýadan Pars aýlagyna çenli aralykdaky ýurtlar awtoritar dolandyryşyň, adam hukuklarynyň bozulmasynyň, merkezleşdirilen ykdysadyýetiň, etnikara we dini duşmaçylyklaryň, regional konfliktleriň we kontrollykda saklanylýan metbugatyň hötdesinden gelmäge synanyşýarlar. Bu regionda demokratiýa we erkin-bazar ykdysadyýetine esaslanýan durnuklylyk global parahatçylygy üçin möhüm bolup durýar.

Demokratiýanyň binýadynyň habardar edilen raýatlardygy baradaky düşünjä esaslanyp hem-de ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan tejribesine daýanyp, RFE/RL aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:

  1. RFE/RL obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwründe zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça çekeleşikleri halk köpçüligine ýetirýär.
  2. RFE/RL demokratiki gymmatlyklary göz öňünde tutup, graždan jemgyýetçiligini güýçlendirýär.
  3. RFE/RL etniki we dini çydamsyzlyklara garşy göreşýär hem-de halk köpçüliginiň arasynda özara düşünişmegi öňe sürýär.
  4. RFE/RL ýerli media üçin nusga bolýar, metbugatyň professionallygyny we garaşsyzlygyny güýçlendirmek boýunça türgenleşdiriş arkaly olara ýardam berýär hem-de ýerli habar serişdeleri bilen giňişleýin hyzmatdaşlyk edýär.
  5. RFE/RL regiondaky ýurtlar bilen dünýäniň ösen demokratiki jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.